- gol
- 1[go:l]Gum ýerinde iki gerşiň aralygyndaky giň oý ýer, giden peslik.∙ Maşynlar wazlaşyp ýaňladýar goly, üstleri hem pagta galladan doly. (N. Pomma, Saýlanan eserler)Ýazuw düzgüni: Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.Meselem gol - golum, goluň.21) Bedeniň egninde tä eliň barmaklaryna çenli bölegi.∙ Elimdäki bir çogmak güllerde her haýsynyn goluna bir gyzyl gül berip geçip gitdim. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)∙ Ol iki golyny sallap, messan basyp ýörän gelýärkä, onuň ýalpyldawuk gara saşlary iki göwsinin üstünde oýnap, biri-birine owsun atýar. (N. Pomma, Sebabini Soň bildim)∙ Çagalaryň iki goluda açykdy. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)∙ Öz goluň bilen beren suwuňy içip, öz ýoluma gideýin. (Görogly eposy)∙ Kesew uzyn bolsa, gol ýanmaz. (Nakyl)2) Dokumentiň we ş. m. ýüzüne bir ýazan familýaň.∙ Ol heňi ýasalan hünärli eller parahatlyk üçin goýupdyr gollar. (R. Seýidow, Saýlanan eserler)∙ Şu syry hiç ýerde paş etmezligime, şu dil hatyny berýärin we golumy çekýärin. («Sowet edebiýaty» žurnaly)∙ Hakykatden-da gowaçanyň gollarynda agyr gozalaryň käbiri ýilik ýaly süýemlerini düýaň emjegi ýaly ýaýradypdyr. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)Ýazuw düzgüni: Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.Meselem gol - golum, goluň.◊ gol bermek1) Pälinden gaýtmak maksady bilen ruhany adamdan doga almak we diňe dini düzgüne hyzmat etmek (dini düşünje boýunça).∙ Şu pire gol berip, sopy bolup goýandyr. («Görogly» eposy)2) Iki elini gowşuryp, hyzmata taýýardygyny bildirmek.∙ Elten sowgatlaryny hünkäriň öňünde goýup, gol gowşyryp, salam berip durdy. («Görogly» eposy)∙ Goç ýigitler, ömrüň bolsun zyýada, gol gowşuryp, hyzmat ediň pyýada. («Görogly» eposy)3) Işlemän durmak, bikär durmak.◊ gol götermek1) Ýygnakda, saýlawda ses bermek.∙ Karara-da gol göterdiler, ony kemsiz tassykladylar. (Sowet Edebiýaty žurnaly)2) Işiniň rowaç bolmagy, şowuna düşmegi üçin pata bermek, doga okamak.∙ Pirim şahymerdan mertleriň merdi, gol göterip bize bir pata berdi. («Görogly» eposy)∙ Gol çekmek.3) Öz adyňy ýa-da ataň adyny ýazmak, gol goýmak.◊ gol ýapmak — Biriniň arkasyny tutmak.∙ Birine gol ýapyp, biriňize ýaman tutmak. (Sowet Edebiýat žurnaly)∙ Ýok Artyk, iş birinin seňrigine kakyp birine gol ýapmak-da däl. (B. Kerbabaýew, Aýgyly ädim)◊ gola almak — Biriniň erk-ygtyýaryna eýe bolamak, özüňe garaşly etmek; işiň we ş. m tärine ökdelemek.∙ Birinjide, ol baý nebit raýonlaryny gola alar. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)◊ gola salmak — Bir zady eliňe düşürmek, öz ýaňyna geçirmek.∙ Soň ussa şol, gyzy gola salmagyň pikirinde boldy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)◊ goldan bermezlik — Mümkin bolan pursatdan doly peýdalanmak, pursaty sypdyrmazlyk.∙ Şol ýagdaýyň özi, pursady goldan bermän, öwünmän, hereket etmegi Çernişowdan talap edýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)◊ golundan götermek — Maddy hal-ýagdaýynda kömek bermek, eklemek, ekleşmek.∙ Sen bolsaň işe günortan gelýärsiň, şumy seniň ýetişip ataň golundan göterişiň! (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)◊ goly bagly — Ygtyýarsyz, erksiz, garaşly.◊ goly ýukalyk — Eliňde harçlyk pul zat az bolmaklyk, eli ýukalyk, garyplyk.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.